Şonuň üçin hem muňa ýürekden şatlanyň. Häzirki wagtda gysga wagtlaýyn synaglara duçar bolup, gam-gussa batsaňyz-da,
1 Petrus 1:6
Gündelik Ýagtylyk
Şonuň üçin hem muňa ýürekden şatlanyň. Häzirki wagtda gysga wagtlaýyn synaglara duçar bolup, gam-gussa batsaňyz-da,
1 Petrus 1:6
Mähribanlarym, sizi synamak üçin başyňyza inen ot belasyna geň zada sataşan ýaly haýran galmaň. Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.
1 Petrus 4:12-13
Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme.
Ýewreýler 12:5
Adam terbiýe alanda şatlanmaýar, gaýtam, agyry çekýär. Emma şeýle terbiýe alandan soňra, ol dogrulykda we parahatlykda ýaşaýandyr.
Ýewreýler 12:11
Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.
Ýewreýler 4:15
Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.
Ýewreýler 2:18
Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.
1 Korintoslylar 10:13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 noý 2025
Hosea 14:9
2 noý 2025
1 Thessalonians 5:15
1 noý 2025
Proverbs 8:34
31 okt 2025
Zechariah 4:6
30 okt 2025
Lamentations 3:26
29 okt 2025
Song of Solomon 5:16
28 okt 2025
Isaiah 59:16