Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.
2 Korintoslylar 5:21
Gündelik Ýagtylyk
Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.
2 Korintoslylar 5:21
Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.
Işaýa 53:6
Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.
1 Petrus 2:24
Bir adamyň bitabynlygy arkaly köp adamyň günäkär bolşy ýaly, bir Adamyň tabynlygy arkaly köp adam dogruçyl bolar.
Rimliler 5:19
Emma Halasgärimiz Hudaýyň mähremligi, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda, biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi. 6-7 Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-bol eçildi.
Titus 3:4-7
Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.
Rimliler 8:1
Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.
Ýermeýa 23:6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
6 dek 2025
Philippians 2:13
5 dek 2025
Psalms 119:71
4 dek 2025
Job 28:12
3 dek 2025
Job 5:8
2 dek 2025
1 John 2:20
1 dek 2025
Isaiah 32:2
30 noý 2025
Revelation 1:4