Emma paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
Eýýup 28:12
Gündelik Ýagtylyk
Emma paýhas nireden gelýär? Düşünjäniň gözbaşy nirede?
Eýýup 28:12
Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer. Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr.
Ýakup 1:5-6
Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.
Süleýmanyň pähimleri 3:5-6
Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.
1 Timoteos 1:17
Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.
Süleýmanyň pähimleri 3:7
Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim. Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň. Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 1:6-8
Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.
Ýohanna 16:23-24
Imanyňyz bar bolsa, doga-dileg edeniňizde, näme dileseňiz, alarsyňyz» diýip jogap berdi.
Matta 21:22
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 dek 2025
Job 5:8
2 dek 2025
1 John 2:20
1 dek 2025
Isaiah 32:2
30 noý 2025
Revelation 1:4
29 noý 2025
Psalms 65:4
28 noý 2025
James 2:26
27 noý 2025
John 17:22