It is good for me that I have been afflicted, that I may learn your statutes.
Psalms 119:71
Gündelik Ýagtylyk
It is good for me that I have been afflicted, that I may learn your statutes.
Psalms 119:71
Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi.
Ýewreýler 5:8
Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys. Meniň pikirimçe, şu wagtky görgülerimizi bize aýan boljak gelejekki şöhrat bilen deňeşdirip-de bolmaz.
Rimliler 8:17-18
Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn. Hudaýy ädimme-ädim yzladym, Hudaýyň ýoluny tutup, ondan çykmadym.
Eýýup 23:10-11
Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.
Kanun taglymaty 8:2
Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Hudaýyňyz Reb hem sizi terbiýeleýändir. Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň ýolundan ýöräň we Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň.
Kanun taglymaty 8:5-6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
4 dek 2025
Job 28:12
3 dek 2025
Job 5:8
2 dek 2025
1 John 2:20
1 dek 2025
Isaiah 32:2
30 noý 2025
Revelation 1:4
29 noý 2025
Psalms 65:4
28 noý 2025
James 2:26