Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
Mark 2:5
Gündelik Ýagtylyk
Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
Mark 2:5
Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 31:34
6-Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy.
Mark 2:7
Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.
Işaýa 43:25
Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde, dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär. Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.
Zebur 32:1-2
Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
Mika 7:18
Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.
Efesliler 4:32
Ýahýa Nur barada şaýatlyk etmäge we öz şaýatlygy arkaly hemmeleri ynandyrmaga geldi. Ýahýanyň özi Nur däldi, ol diňe Nur barada şaýatlyk etmäge geldi. Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.
Ýohanna 1:7-9
Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.
Zebur 103:12
Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.
Rimliler 6:14
günäniň ygtyýaryndan azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz.
Rimliler 6:18
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
27 dek 2025
2 Corinthians 4:18
26 dek 2025
1 Corinthians 15:58
25 dek 2025
Titus 3:4
24 dek 2025
Romans 8:13
23 dek 2025
Isaiah 27:5
22 dek 2025
1 Thessalonians 1:3
21 dek 2025
Isaiah 60:20