5-Geljek nesliň,
indi doguljaklaryň bileri ýaly,
olaryň hem öz nobatynda
çagalaryna aýdary ýaly,
umytlaryny Hudaýa baglary ýaly,
Hudaýyň edenlerini unutman,
Onuň parzlaryny saklary ýaly,
ýürekleri Hudaýa wepa bermedik,
ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý
dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly,
Ol Ýakubyň nesline –
Ysraýyl halkyna kanuny berdi.
Perzentlerine ony öwretmekligi
ata-babalarymyza Ol emr etdi.
Zebur 77:8
Who remembered us in our low estate;
for his loving kindness endures forever;
Psalms 136:23
Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.
Çölde 14:18
Öz mirasyndan aman galanlaryň
ýazygyny bagyşlap,
günäsini geçýän başga Hudaý barmyka?
Gazabyny ebedi saklamaýar Ol,
çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
Rehimi iner Onuň bize ýene-de.
Etmişlerimizi aýak astyna atar.
Ähli günälerimizi
deňziň düýbüne taşlarsyň.
Mika 7:18-19
biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.
Titus 3:5
Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun! Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.
2 Korintoslylar 1:3-4
Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr. Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.
Ýewreýler 2:17-18