sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.
Rimliler 3:23
Gündelik Ýagtylyk
sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.
Rimliler 3:23
Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de;
Rimliler 3:10
Olaryň hemmesi ýoldan çykdy, ählisi deň derejede dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
Rimliler 3:12
Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.
Wagyz 7:20
Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?
Eýýup 25:4
Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.
Ýewreýler 4:1
Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!
Zebur 51:3
Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.
Zebur 51:5
Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.
2 Şamuwel 12:13
Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.
Rimliler 8:30
Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.
2 Korintoslylar 3:18
Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.
Kolosiýalylar 1:23
11-Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.
1 Salonikliler 2:12
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
11 apr 2026
Proverbs 10:19
10 apr 2026
Song of Solomon 1:5
9 apr 2026
Isaiah 43:1
8 apr 2026
1 Corinthians 1:5
7 apr 2026
2 Corinthians 6:10
6 apr 2026
Hebrews 7:25
5 apr 2026
Genesis 32:26