Teach me your way, Yahweh. Lead me in a straight path, because of my enemies.
Psalms 27:11
Gündelik Ýagtylyk
Teach me your way, Yahweh. Lead me in a straight path, because of my enemies.
Psalms 27:11
Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
Zebur 32:8
Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi – Seniň şöhratyňyň mesgen tutan ýaşalgasyny. Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy.
Zebur 25:8-9
Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.
Ýohanna 10:9
Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.
Ýohanna 14:6
Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris. Isa Öz ölümi arkaly bize çadyrdaky içki tutudan geçýän we Hudaýa barýan täze ýaşaýyş ýoluny açyp berdi. Indi biziň Hudaýyň halkyna jogapkär beýik Ruhanymyz bardyr. Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.
Ýewreýler 10:19-22
Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
Hoşeýa 6:3
Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.
Zebur 25:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
10 apr 2026
Song of Solomon 1:5
9 apr 2026
Isaiah 43:1
8 apr 2026
1 Corinthians 1:5
7 apr 2026
2 Corinthians 6:10
6 apr 2026
Hebrews 7:25
5 apr 2026
Genesis 32:26
4 apr 2026
Revelation 1:17