Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
Zebur 91:15
Gündelik Ýagtylyk
Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
Zebur 91:15
Şol gije Hudaý Süleýmana görnüp, oňa: «Dile, dilän zadyňy bereýin» diýdi. Süleýman Hudaýa şeýle jogap berdi: «Sen meniň kakam Dawuda beýik, sadyk söýgiňi görkezip, meni onuň ýerine patyşa etdiň.
2 Ýyl ýazgylary 1:7-8
Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?»
2 Ýyl ýazgylary 1:10
Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi.
1 Patyşalar 4:29
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk». Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar.
2 Ýyl ýazgylary 14:11-12
Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.
Zebur 65:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
15 apr 2026
Jeremiah 50:34
14 apr 2026
Psalms 63:5-6
13 apr 2026
Proverbs 3:9
12 apr 2026
Romans 8:3
11 apr 2026
Proverbs 10:19
10 apr 2026
Song of Solomon 1:5
9 apr 2026
Isaiah 43:1