Eziz balalarym, özüňizi butlardan goraň!
1 Ýohanna 5:21
Gündelik Ýagtylyk
Eziz balalarym, özüňizi butlardan goraň!
1 Ýohanna 5:21
Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
Süleýmanyň pähimleri 23:26
Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň.
Kolosiýalylar 3:2
«Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy?
Ezekiýel 14:3
Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.
Kolosiýalylar 3:5
Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr, sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler. Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.
1 Timoteos 6:9-11
Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.
Zebur 62:10
Meniň miwäm tylladan, sap altyndan gowudyr, meniň peýdam saýlama kümüşden oňatdyr.
Süleýmanyň pähimleri 8:19
Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
Matta 6:21
Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.
1 Şamuwel 16:7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 maý 2026
Galatians 5:22
30 apr 2026
1 John 2:5
29 apr 2026
1 Samuel 12:24
28 apr 2026
John 1:29
27 apr 2026
1 Corinthians 7:29
26 apr 2026
Song of Solomon 2:6
25 apr 2026
Matthew 1:21