Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».
Aýanlyk 2:17
Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.
Resul 11:26
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
2 Timoteos 2:19
Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.
Galatýalylar 5:24
Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.
1 Korintoslylar 6:20
Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir. Çünki ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir.
Galatýalylar 6:14-15
Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi. Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.
Efesliler 5:1-3
Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.
Efesliler 5:8