Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.
2 Korintoslylar 7:1
Gündelik Ýagtylyk
Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.
2 Korintoslylar 7:1
Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!
Zebur 51:6
Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.
Titus 2:12
Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.
Matta 5:16
Şunlukda, men bularyň baryna ýetendirin ýa-da kämilleşendirin öýdemok. Emma men bulary gazanmak üçin jan edýärin. Sebäbi Isa Mesih meni şu maksat bilen gazandy.
Filipililer 3:12
Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesihiň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.
1 Ýohanna 3:3
Çünki Hudaý bizi baky ýaşaýşa gowuşmagymyz üçin ýaradyp, munuň kepili hökmünde bize Mukaddes Ruhuny berdi.
2 Korintoslylar 5:5
Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesihiň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr. Munuň netijesinde hemmämiz imanda bir bolup, Hudaýyň Ogly Mesihi tanap-bilip, Ol ýaly doly kämillige ýeteris.
Efesliler 4:12-13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
2 maý 2026
Genesis 28:16
1 maý 2026
Galatians 5:22
30 apr 2026
1 John 2:5
29 apr 2026
1 Samuel 12:24
28 apr 2026
John 1:29
27 apr 2026
1 Corinthians 7:29
26 apr 2026
Song of Solomon 2:6