For they persecute him whom you have wounded. They tell of the sorrow of those whom you have hurt.
Psalms 69:26
Gündelik Ýagtylyk
For they persecute him whom you have wounded. They tell of the sorrow of those whom you have hurt.
Psalms 69:26
Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr, emma bu zatlaryň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe!
Luka 17:1
Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.
Resul 2:23
Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa: «Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.
Matta 26:67-68
Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary, ýaşulular hem Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. Özem Ysraýylyň Patyşasymyş! Onda, goý, Ol häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem Oňa iman edeli.
Matta 27:41-42
Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar. Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.
Resul 4:27-28
Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne ýükledi, biziň dertlerimizi çekdi; biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp, urlup ejir çekendir diýip pikir etdik.
Işaýa 53:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
6 maý 2026
Psalms 85:10
5 maý 2026
Matthew 6:31-32
4 maý 2026
Isaiah 59:1
3 maý 2026
Matthew 5:48
2 maý 2026
Genesis 28:16
1 maý 2026
Galatians 5:22
30 apr 2026
1 John 2:5