Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.
Ýohanna 17:4
Gündelik Ýagtylyk
Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.
Ýohanna 17:4
Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.
Ýohanna 4:34
Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.
Ýohanna 9:4
Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi. Emma olar Onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmediler.
Luka 2:49-50
Isa muny eşidip: «Bu kesel onuň ölmegi üçin däl-de, Hudaýyň şöhratlanyp, bu arkaly Hudaýyň Oglunyň şöhrat gazanmagy üçindir».
Ýohanna 11:4
Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.
Ýohanna 11:40
Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.
Luka 2:52
Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
Luka 3:22
Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň. Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!
Aýanlyk 5:9-10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 maý 2026
Matthew 5:48
2 maý 2026
Genesis 28:16
1 maý 2026
Galatians 5:22
30 apr 2026
1 John 2:5
29 apr 2026
1 Samuel 12:24
28 apr 2026
John 1:29
27 apr 2026
1 Corinthians 7:29