Isa gaňrylyp, yzyna düşüp gelýänleri gördi-de, olardan: «Size näme gerek?» diýip sorady. Olar: «Rabbi, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rabbi mugallym diýmekdir). Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, görersiňiz» diýdi. Şeýdip, olar Isa bilen gidip, Onuň nirede ýaşaýandygyny gördüler, şol wagt öýlän sagat dört töweregidi. Olar şol gün Onuň ýanynda galdylar.
Ýohanna 1:38-39
Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim? Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.
Ýohanna 14:2-3
Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.
Aýanlyk 3:21
Beýik hem belent Bolan,
ebedi Ýaşaýan,
ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär:
«Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn,
pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin,
ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin,
ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
Işaýa 57:15
Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.
Aýanlyk 3:20
Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.
Matta 28:20
Ümsüm bol Rebbiň öňünde,
Oňa sabyrly garaş,
ýoly rowaç betniýete höwesli bakma.
Zebur 36:7