Gaýynenesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy!
Rut 3:1
Gündelik Ýagtylyk
Gaýynenesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy!
Rut 3:1
Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.
Ýewreýler 4:9
Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.
Işaýa 32:18
Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler, ýadawlar-da dynç alýarlar.
Eýýup 3:17
Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».
Aýanlyk 14:13
Isa bize ýol açmak üçin, ol ýere ilkinji bolup girip, Mäliksadyk derejesindäki müdimilik Baş Ruhanymyz boldy.
Ýewreýler 6:20
Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar. Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir».
Matta 11:28-30
Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.
Işaýa 30:15
Rebbiňkidir ýer we ondaky zatlar, älem hem-de onda ýaşaýanlar. Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy.
Zebur 23:1-2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 iýun 2026
Colossians 3:3
21 iýun 2026
1 Peter 2:21
20 iýun 2026
Exodus 2:9
19 iýun 2026
Hebrews 12:14
18 iýun 2026
Exodus 25:21-22
17 iýun 2026
Philippians 4:6
16 iýun 2026
Ephesians 5:15-16