Bir goşun meni gabasa – ýüregim sarsmaz, maňa garşy uruş tursa-da, umytdan düşmerin.
Zebur 26:3
Gündelik Ýagtylyk
Bir goşun meni gabasa – ýüregim sarsmaz, maňa garşy uruş tursa-da, umytdan düşmerin.
Zebur 26:3
Reb körleriň gözüni açýar, Reb bükülenleri dikeldýär, Reb dogry ynsanlary söýýär.
Zebur 145:8
Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.
Matta 5:45
Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.
Efesliler 5:1-2
Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.
Efesliler 4:32
Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.
1 Petrus 1:22
Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.
2 Korintoslylar 5:14
Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir. Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.
Luka 6:35-36
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 iýul 2026
1 John 4:16
4 iýul 2026
John 13:23
3 iýul 2026
Romans 8:17
2 iýul 2026
Exodus 12:43
1 iýul 2026
Galatians 5:22
30 iýun 2026
Revelation 3:19
29 iýun 2026
1 John 5:3