18 iýul 2026 şenbe

Gündelik Ýagtylyk

18 iýul 2026

Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady.

Mark 14:8

Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal hemmelerden köp atdy.

Luka 21:3

Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi.

Mark 9:41

Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.

2 Korintoslylar 8:12

Eziz balalar, hakyky söýgimizi ýöne bir gury gep bilen däl-de, iş ýüzünde amal bilen görkezeliň.

1 Ýohanna 3:18

Pikir edip görüň, imanly erkek ýa-da aýal doganyňyzyň biri aç-ýalaňaç bolsa, siz oňa iýmit, geýim bermän, diňe: «Sag-aman bar, daşyňyň ýylap, garnyňyň doýmagyny dileýärin» diýseňiz, bu sözüňiz oňa nämä derkar?

Ýakup 2:15-16

Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr. Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr.

2 Korintoslylar 9:6-7

Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».

Luka 17:10

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

Soňky günler