Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, gulak hem sözleri barlaýar.
Eýýup 34:3
Gündelik Ýagtylyk
Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, gulak hem sözleri barlaýar.
Eýýup 34:3
Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.
1 Ýohanna 4:1
Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.
Ýohanna 7:24
Men siziň bilen paýhasly adamlar hökmünde gürleşýärin. Size aýdýanlarymdan özüňiz netije çykaryň.
1 Korintoslylar 10:15
Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.
Kolosiýalylar 3:16
Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»
Aýanlyk 2:29
Mukaddes Ruha eýerýän adam hemme zada baha berip bilýär, emma başgalar bu adama baha bererden ejizdir.
1 Korintoslylar 2:15
Isa ýene-de olara: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Hatda size has-da köp berler.
Mark 4:24
„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.
Aýanlyk 2:2
Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.
1 Salonikliler 5:21
Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr. Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler. Olar kesekiniň yzyna düşýän däldirler, ondan gaçýandyrlar, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler».
Ýohanna 10:3-5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
14 iýul 2026
Matthew 12:34
13 iýul 2026
Song of Solomon 7:10
12 iýul 2026
Exodus 33:14
11 iýul 2026
Jeremiah 15:20
10 iýul 2026
Matthew 10:24
9 iýul 2026
Zechariah 3:4
8 iýul 2026
1 John 1:9