Ýeri-gögi ýaradan Reb, goý, size Siondan ak pata bersin.
Zebur 133:3
Gündelik Ýagtylyk
Ýeri-gögi ýaradan Reb, goý, size Siondan ak pata bersin.
Zebur 133:3
Bu ýer Arnon jülgesiniň çetindäki Arogerden Sirýon dagyna (bu Hermon dagy) çenli uzalyp gidýär.
Kanun taglymaty 4:48
Ýeri-gögi ýaradan Reb, goý, size Siondan ak pata bersin.
Zebur 133:3
«Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.
Hoşeýa 14:5
Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!
Kanun taglymaty 32:2
Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek, Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.
Işaýa 55:10-11
Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.
Ýohanna 3:34
Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.
Ýohanna 1:16
Mukaddes öýe tarap elleriňizi galdyryp, Rebbi alkyşlaň.
Zebur 133:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
18 iýul 2026
John 10:3
17 iýul 2026
Jonah 4:2
16 iýul 2026
Exodus 19:6
15 iýul 2026
Matthew 6:10
14 iýul 2026
Matthew 12:34
13 iýul 2026
Song of Solomon 7:10
12 iýul 2026
Exodus 33:14