Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.
Zebur 40:2
Gündelik Ýagtylyk
Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.
Zebur 40:2
Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz. Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz. Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.
Efesliler 2:1-3
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.
Zebur 61:1-2
2-Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy.
Ýunus 2:2-3
Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.
Işaýa 43:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 awg 2026
Luke 1:50
2 awg 2026
Revelation 13:8
1 awg 2026
Ephesians 2:8
31 iýul 2026
2 Timothy 2:3
30 iýul 2026
Colossians 3:1
29 iýul 2026
Isaiah 64:1
28 iýul 2026
Ephesians 5:2