Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.
Zebur 24:1
Gündelik Ýagtylyk
Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.
Zebur 24:1
Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men. Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn.
Hoşeýa 2:8-9
Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris. Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr. Eý, Hudaýymyz Reb, Seniň mukaddes adyňa öý gurmak üçin taýýarlan şu bolçulyklarymyzyň hemmesini Sen berdiň; olaryň bary Seniň Özüňkidir.
1 Ýyl ýazgylary 29:14-16
Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!
Rimliler 11:36
Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.
1 Timoteos 6:17
Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir. Sebäbi Hudaýyň sözi we doga-dileg arkaly kabul edilen iýmit Hudaýyň nazarynda halaldyr.
1 Timoteos 4:4-5
Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesihe degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar.
Filipililer 4:19
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 awg 2026
Romans 6:4
4 awg 2026
John 19:30
3 awg 2026
Luke 1:50
2 awg 2026
Revelation 13:8
1 awg 2026
Ephesians 2:8
31 iýul 2026
2 Timothy 2:3
30 iýul 2026
Colossians 3:1