«Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler.
Matta 22:42
Gündelik Ýagtylyk
«Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler.
Matta 22:42
Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri Öz ýoluny pespällere öwredýär. Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.
Zebur 24:9-10
Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.
Aýanlyk 19:16
Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».
1 Petrus 2:7
Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr. Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.
1 Korintoslylar 1:23-24
8-Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.
Filipililer 3:8
Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.
Ýohanna 21:17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
6 awg 2026
Proverbs 3:12
5 awg 2026
Romans 6:4
4 awg 2026
John 19:30
3 awg 2026
Luke 1:50
2 awg 2026
Revelation 13:8
1 awg 2026
Ephesians 2:8
31 iýul 2026
2 Timothy 2:3