Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi.
Müsürden çykyş 16:15
Gündelik Ýagtylyk
Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi.
Müsürden çykyş 16:15
Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi.
Ýohanna 6:33
Ata-babalaryňyz çölde manna iýendiklerine garamazdan, öldüler.
Ýohanna 6:49
Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».
Ýohanna 6:51
Meniň bedenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir.
Ýohanna 6:55
Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady. Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken.
Müsürden çykyş 16:17-18
Her gün ertirine her kim bu berilýän çörekden öz iýip biljegini ýygnady. Gün gyzyp, yssy düşende, ol eredi.
Müsürden çykyş 16:21
Şonuň üçin näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň. Bu zatlaryň baryny butparazlar agtarýarlar, ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
Matta 6:31-33
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
29 awg 2026
Proverbs 16:20
28 awg 2026
Revelation 12:10
27 awg 2026
Psalms 119:105
26 awg 2026
Exodus 28:36
25 awg 2026
Isaiah 51:1
24 awg 2026
Exodus 3:7
23 awg 2026
Jeremiah 31:3