Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul berýär.
Luka 19:13
Gündelik Ýagtylyk
Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul berýär.
Luka 19:13
Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar.
Mark 13:34
Bu adam olaryň hersiniň başarnygyna laýyk: birine – bäş, beýlekisine – iki, başga birine bir çuwal altyn-kümüş berip, ýola rowana bolýar.
Matta 25:15
Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.
Ýohanna 9:4
Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi.
Luka 2:49
Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.
1 Petrus 2:21
pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.
2 Timoteos 4:2
gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar.
1 Korintoslylar 3:13
Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
1 Korintoslylar 15:58
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
30 awg 2026
Esther 5:2
29 awg 2026
Proverbs 16:20
28 awg 2026
Revelation 12:10
27 awg 2026
Psalms 119:105
26 awg 2026
Exodus 28:36
25 awg 2026
Isaiah 51:1
24 awg 2026
Exodus 3:7