Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
Luka 9:23
Gündelik Ýagtylyk
Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
Luka 9:23
Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris.
2 Korintoslylar 6:8
Umuman, Isa Mesihe eýerip, Hudaýyň ýörelgesine laýyklykda ýaşamak isleýänleriň bary yzarlanmalara sezewar bolar.
2 Timoteos 3:12
Eý, doganlarym! Eger men heniz-de sünnetlenilmäni wagyz edýän bolsam, onda men näme üçin yzarlanýarkam?! Eger dogrudan-da şeýle bolýan bolsa, onda Isanyň haçy babatdaky wagzym büdreme daşy bolmazdy.
Galatýalylar 5:11
Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.
Galatýalylar 1:10
Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr. Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, başga bir jenaýatçy, ýa şugulçy bolup ejir çekmesin. Kim mesihi bolup ejir çekýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn.
1 Petrus 4:14-16
Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir.
Filipililer 1:29
Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär. Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.
2 Korintoslylar 5:14-15
Görgülere çydaýan bolsak, Onuň bilen bile şalyk süreris. Eger Ony ret etsek, Ol hem bizi ret eder.
2 Timoteos 2:12
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
31 awg 2026
Romans 5:16
30 awg 2026
Esther 5:2
29 awg 2026
Proverbs 16:20
28 awg 2026
Revelation 12:10
27 awg 2026
Psalms 119:105
26 awg 2026
Exodus 28:36
25 awg 2026
Isaiah 51:1