Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy.
Zebur 23:2
Gündelik Ýagtylyk
Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy.
Zebur 23:2
«Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar. Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.
Işaýa 57:20-21
Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.
Matta 11:28
Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
Zebur 37:7
Hudaý Öz işlerinden dynyp, nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlyk mekanyna giren adam hem öz işlerinden dynyp, şeýle dynç alýandyr.
Ýewreýler 4:10
Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.
Ýewreýler 13:9
Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys. Tersine, hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesih ýaly hemmetaraplaýyn kämilleşeris.
Efesliler 4:14-15
Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez. Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda.
Nagmalar 2:3-4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 sen 2026
Galatians 5:22-23
31 awg 2026
Romans 5:16
30 awg 2026
Esther 5:2
29 awg 2026
Proverbs 16:20
28 awg 2026
Revelation 12:10
27 awg 2026
Psalms 119:105
26 awg 2026
Exodus 28:36