Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.
1 Korintoslylar 15:23
Gündelik Ýagtylyk
Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.
1 Korintoslylar 15:23
Men size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýeke däne bolup galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer.
Ýohanna 12:24
Sebäbi Hudaýa hödür edilen çörek mukaddes bolsa, şol hamyrdan bişirilen beýleki çörekler hem mukaddesdir; eger bagyň köki mukaddes bolsa, onuň şahalary hem mukaddesdir.
Rimliler 11:16
Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär.
1 Korintoslylar 15:20
Biz Mesihiň ölüminde Onuň bilen birigen bolsak, onda direlişinde-de Onuň bilen birigeris.
Rimliler 6:5
Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys. Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.
Filipililer 3:20-21
Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur.
Kolosiýalylar 1:18
Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.
Rimliler 8:11
Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar.
Ýohanna 11:25
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 sen 2026
Romans 12:12
6 sen 2026
Lamentations 3:41
5 sen 2026
1 Corinthians 12:12
4 sen 2026
Ruth 3:18
3 sen 2026
Exodus 13:7
2 sen 2026
Psalms 27:14
1 sen 2026
Galatians 5:22-23