Hudaý Lehide bir çukurjygy emele getirdi, ondan suw çykdy. Ol suwdan içip gandy, güýji yzyna gaýdyp geldi we ol kuwwatlandy. Şu günlere çenli Lehidäki şol ýere Eýnhakor diýilýär.
Ysraýyl serdarlary 15:19
Gündelik Ýagtylyk
Hudaý Lehide bir çukurjygy emele getirdi, ondan suw çykdy. Ol suwdan içip gandy, güýji yzyna gaýdyp geldi we ol kuwwatlandy. Şu günlere çenli Lehidäki şol ýere Eýnhakor diýilýär.
Ysraýyl serdarlary 15:19
Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.
Ýohanna 4:10
Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar.
Ýohanna 7:37
Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.
Ýohanna 7:39
Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?
Malaky 3:10
Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»
Luka 11:13
Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
Luka 11:9
Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.
Galatýalylar 4:6
Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.
Rimliler 8:15
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 sen 2026
Matthew 12:20
16 sen 2026
Proverbs 21:2
15 sen 2026
Romans 6:14-15
14 sen 2026
Isaiah 51:12
13 sen 2026
John 7:37
12 sen 2026
Isaiah 57:18
11 sen 2026
Romans 12:2