Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy.
2 Korintoslylar 5:19
Gündelik nur
Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy.
2 Korintoslylar 5:19
Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi. Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.
Kolosiýalylar 1:19–20
Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
Zebur 85:10
Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.
Ýermeýa 29:11
Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.
Işaýa 1:18
Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
Mika 7:18
Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol, şonda haýyr taparsyň.
Eýýup 22:21
Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň. Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.
Filipililer 2:12–13
Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.
Işaýa 26:12
Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!
Matta 6:10
Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
Danyýel 2:44
Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.
Danyýel 2:34
Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Zakarýa 4:6
Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçan geljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüp gelmez. Adamlar: „Ine, bu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýmezler, sebäbi Hudaýyň Şalygy siziň araňyzdadyr» diýip jogap berdi.
Luka 17:20–21
Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar.
Mark 4:11
Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr. Ol gije ýatýar, irden turýar, emma tohumyň nädip gögerişini, ösüşini bilmeýär.
Mark 4:26–27
Hasyl bişende, ýaňky adam dessine oragy işe girizýär. Çünki orak wagty gelendir».
Mark 4:29
Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
Matta 24:44
Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!
Aýanlyk 22:17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör11 okt 2026
10 okt 2026
9 okt 2026
8 okt 2026
7 okt 2026
6 okt 2026
5 okt 2026

Mesihçi durmuşy
Roždestwo aýdymlary arkaly Roždestwonyň hakyky manysyny açyň, Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşykdan gelýän…

Hudaýyň wepadarlygy
Näbelli döwürlerde umyt getirýän üç üýtgemeýän hakykaty açyň: Hudaýyň üýtgemeýän tebigaty, Onuň ynamly Sözü…

Hudaýyň Patyşalygy
Öweý gyzymyň ýaşan Saud Arabystany Patyşalygy, suw ýetirip bolýan ýerlerde gülläp ösmegi üçin suwarylan, gaty…

Janypkeşlik
Ýigrenilen gysganç Marsel üçin gizlin suw üpjünçiligini etdi. Onuň gurbanynyň Isanyň ähli iman edýänler üçin…

Halasgärlik
Kiçijik gyz ölýän ejesine halas edişi tapmaga kömek etmek üçin wagyzçy gözleýär. Aýal hem, wagyzçy hem Isanyň…

Eskatologiýa
Reb Isa Mesihiň gaýdyp gelmegi baradaky Injil pygamberliklerini we wadadyr, Onuň ilkinji gelmeginden tä iman…