Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!
Aýanlyk 19:6
Gündelik nur
Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!
Aýanlyk 19:6
«Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.
Eýýup 42:2
Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi.
Luka 18:27
Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»
Işaýa 43:13
Ol: «Abba, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi.
Mark 14:36
Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun!» diýdi welin,
Matta 9:28–29
Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi. Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy.
Matta 8:2–3
Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
Işaýa 9:6
Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.
Matta 28:18
Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.
Zebur 20:7
6-Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir.
2 Ýyl ýazgylary 32:7
Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.
1 Şamuwel 3:17
Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
Mika 6:8
Şeýle hem, gowy günler görmegiňiz üçin, Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklarydyr parzlaryny ýerine ýetiriň.
Kanun taglymaty 10:13
Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr. Hudaýyň huzurynda hiç kim Mukaddes Kanun arkaly aklanyp bilýän däldir. Bu mese-mälim zat, sebäbi «dogruçyl iman arkaly ýaşar» diýip ýazylgydyr.
Galatýalylar 3:10–11
Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi.
Galatýalylar 3:19
Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.
Ýewreýler 1:1–2
Şoňa görä Eliý Şamuwele: «Bar, ýatyber. Eger Ol seni ýene çagyraýsa, Oňa: „Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär“ diýip jogap berersiň» diýdi. Şamuwel ýene-de baryp, öz ýerinde ýatdy.
1 Şamuwel 3:9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör5 okt 2026
4 okt 2026
3 okt 2026
2 okt 2026
1 okt 2026
30 sen 2026
29 sen 2026

Parahatçylyk
Injilde beýan edilen parahatçylygyň ýedi aýratyn tarapyny öwreniň, Hudaý bilen kazyýet parahatçylygyndan…

Isa Mesih
Täze Ähtdäki dört güýçli bap Mesihiň Hudaýyň Ogly hökmünde doly, ýaradyjy hudaýlygyna şaýatlyk edýär. Bu…

Roždestwo
Bu Roždestwo goşgusy Isanyň Betlehemde doglanda ýer ýoklugy we köpleriň ony häzir hem ret edýändigi barada…

Synag çagyrmak
Isa Mesihiň, «Synalan Daşyň», synaglary arkaly nädip äşgär edilendigini öwreniň. Ol synagy ýeňdi we…

Mesihçi durmuşy
Roždestwo aýdymlary arkaly Roždestwonyň hakyky manysyny açyň, Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşykdan gelýän…

Hudaýyň Patyşalygy
Injilde, “Hudaýyň Patyşalygynyň’ aňlatmasy ygtyýar we dolandyryş bilen baglanyşyklydyr. Birinjisi Hudaýyň…