Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.
Rimliler 12:11
Gündelik nur
Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.
Rimliler 12:11
Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.
Wagyz 9:10
Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň. Munuň üçin Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilýänsiňiz. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz.
Kolosiýalylar 3:23–24
Çünki isle gul bolsun, isle azat, her kimiň öz eden ýagşylygynyň öwezini Rebden aljakdygyny siz bilýänsiňiz.
Efesliler 6:8
Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.
Ýohanna 9:4
Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi.
Luka 2:49
Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.
Ýohanna 2:17
Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.
2 Petrus 1:10
Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris. Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.
Ýewreýler 6:11–12
Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň.
1 Korintoslylar 9:24
Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“
Matta 6:13
Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.
Süleýmanyň pähimleri 28:26
Pis höwesi bolan adam: «Meni Hudaý höweslendirýär» diýmesin, sebäbi Hudaýda hiç hili pislik höwesi ýokdur, Ol hiç kimi pislik etmäge höweslendirýän däldir. Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir.
Ýakup 1:13–14
«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».
2 Korintoslylar 6:17
Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi. Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar.
Gelip çykyş 13:10–11
Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.
Gelip çykyş 13:13
Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.
2 Petrus 2:7
Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.
2 Petrus 2:9
Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr.
Rimliler 14:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör15 okt 2026
14 okt 2026
13 okt 2026
12 okt 2026
11 okt 2026
10 okt 2026
9 okt 2026

Hudaýyň Sypatlary
Mukaddes Ruhyň imanlylary günä garşy durmaga we Mesihe meňzeş häsiýetleri ösdürmäge nädip güýçlendirýändigini…

Isa Mesih
Täze Ähtde 'Ussa' diýlip terjime edilen sekiz dürli grek sözüni we Mesihiň üçin olaryň aýratyn manylaryny…

Pyghamçylyk
Samuel diňe bir pygamber däl, eýsem iň soňky kazydy. Ol ruhany hem bolupdy: "Samuel REBBIŇ öňünde gulluk…

Şägirtlik
Hristian ýaryşyny sabyr bilen ylgamak üçin her bir agyrlygy we günäni bir gyra goýuň. Dünýä gazananlaryndan…

Hudaýyň Patyşalygy
Öweý gyzymyň ýaşan Saud Arabystany Patyşalygy, suw ýetirip bolýan ýerlerde gülläp ösmegi üçin suwarylan, gaty…

Mesihçi durmuşy
Roždestwo aýdymlary arkaly Roždestwonyň hakyky manysyny açyň, Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşykdan gelýän…