Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
Zebur 59:9
Gündelik nur
Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
Zebur 59:9
«Reb – meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm. Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!
2 Şamuwel 22:2–3
Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
Zebur 28:7
Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
Işaýa 59:19
Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».
Ýewreýler 13:6
Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.
Zebur 27:1
Şonda gülküden doludy biziň agzymyz, şatlyk şowhunyndan – biziň dilimiz. Şonda milletler arasynda şeýle diýildi: «Reb olara beýik işleri etdi».
Zebur 125:2
Olar jenaýat etmegi niýet edinýär, olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük, ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip, biri-birine aýdýar.
Zebur 63:7
Men dymyp, uzakly gün zar-zar aglanymda, gurap galdy meniň süňklerim.
Zebur 31:3
Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.
Matta 6:12
Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi.
Matta 18:21–22
Hojaýyny ony çagyryp: „Eý, ýaramaz gul! Maňa ýalbaranyň üçin, men seniň bergiňiň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?“ diýýär. Hojaýyny gazaba münüp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline tabşyrýar. Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».
Matta 18:32–35
Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.
Efesliler 4:32
Owal siz sünnetsiz bolan öňki tebigatyňyzda günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Indi bolsa Hudaý ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Mesih bilen bile direltdi. Ol bize garşy ýazylan bergidarlyk ýazgysyny öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy.
Kolosiýalylar 2:13–14
Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.
Kolosiýalylar 3:13
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör14 okt 2026
13 okt 2026
12 okt 2026
11 okt 2026
10 okt 2026
9 okt 2026
8 okt 2026

Ruhy Ösüş
Hudaýyň huzurynda ýaşamagyň yşyk, ýol görkezme we parahatçylyk getirýändigini açyň. Durmuşyň kynçylyklaryna…

Hudaýyň Sypatlary
Hudaýyň mukaddesliginiň tebigatyny, iman edýäniň Mesihdäki ýagdaý mukaddesligini we mukaddesleşdirme arkaly…

Mesihçi durmuşy
Roždestwo aýdymlary arkaly Roždestwonyň hakyky manysyny açyň, Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşykdan gelýän…

Peslik
Fariseý özüni haýran galdyrdy, ýöne pespäl salgyt ýygnaýjy Hudaýy haýran galdyrdy. Näme üçin öz-özüňi aklamak…

Mukaddeslik
Mukaddes Kitabyň keramatly adamlar barada hakykatdan-da näme öwredýändigini öwreniň. Her bir iman eden adam…

Ebedi Howpsuzlyk
Isa Mesihdäki imanlylar üçin ebedi howpsuzlygyň Mukaddes Ýazgylardaky kepilligini açyň. Halas bolmagyň, bir…