Resul Petrus bize mukaddes Hudaý bilen baglanyşykly bolanymyz üçin, biziň hem mukaddes bolmalydygymyzy ýatladýar (1 Pet. 1:16). “Eger” sözi “sebäbi” diýlip hem terjime edilip bilner. Bu bize Petrusyň nesihatynyň akymyny düşündirmäge kömek edýär. Asmandaky Atamyz mukaddes bolany üçin (Ýah. 17:11), we Ol dogry bolany üçin (Ýah. 17:25), biz günäni örän çynlakaý kabul etmelidiris. Ol günä babatda hiç haçan ylalaşmaýar, biz hem ylalaşmaly däldiris. Günä boýun alnanda we toba edilende, biz Onuň ýaly bagyşlaýjy we merhemetli bolmalydyrys. Ýöne söýgüli, alada edýän Ata hökmünde Ol dowamly günäni kabul etmeýär.
1 Petrus 1:17-de Petrus halas bolmak barada däl-de, hyzmat barada; asmana gitmegimiz barada däl-de, ýerdäki işlerimiz barada gürleýär. Hakykatdan-da halas bolan adam Hudaýyň we adamlaryň öňünde mukaddes durmuşda ýaşamaly.
Petrus öz okyjylaryna bu ýerde myhmanlardygyny hem ýatladýar. “Galmak” sözi myhman bolmak, ýaşaýjy daşary ýurtly hökmünde ýaşamak manysyny berýär. Bu dünýäniň zatlarynyň Mesih üçin söýgimize we Oňa hyzmatymyza täsir etmegine ýol bermegiň ýerine, biz gorkuda ýaşamaly. Bu köp adama geň söz ýaly görünip biler, ýöne bu ýerdäki “gorky” gorkup ýaşamagy aňlatmaýar. Bu ýerde gorky Hudaýa hormat bilen ýaşamagy, Oňa şeýle bir haýran galmagy aňladýar welin, bu biziň gündelik durmuşymyza täsir edýär. Bu özümi ýa-da başgalary begendirmekden has beter Ony begendirmek barada alada etmegi aňladýar. Ahyrsoňy, eger biz Hudaýymyzy begendirmek üçin ýaşasak, kimi begendirmesek-de, hakykatdan-da ähmiýeti ýok. Eger biz Hudaýymyzy begendirmesek, onda kimi begendirmesek-de, hakykatdan-da ähmiýeti ýok!




