"Men dymdym, agzymy açmadym; çünki Sen etdiň." (Zebur 39:9). "Saňa näme ýarasa, Reb, maňa-da şol ýaraýar" diýmek dynçlyk, parahatlyk we asudalyk üçin, şeýle hem bizde ýok zatlar barada ähli nägilelikleri bes etmek üçin ajaýyp şygar. Eger siz Isada ähli zadyňyzyň bardygyny, ähli zady asudalyk bilen garşylamaga ukyplydygyňyzy bilseňiz, wakalar sizi aňsatlyk bilen gorkuzmazdy.
Men ähli zatda Hudaýyň bardygyny bilmegi we dymmagy bagtly zat hasaplaýaryn. "Men dymdym; Sen etdiň" diýip, Dawut aýtdy. Munda dynçlyk bar – Hudaýa Öz ornuny bermek. Eger biz Hudaýyň ýüregini bilsek, Onuň bize bolan hiç bir hereketine şübhelenmerdik, şeýle hem Ol bize öwretjek ähli zatlaryny öwredýänçä, Onuň elini üstümizden aýyrmagyny islemezdik.






