«Isa diýdi: ‘Ata, olary bagyşla, sebäbi olar näme edýändiklerini bilmeýärler.’» (Luka 23:34) Hudaýyň Oglunyň haçdaky ýedi sözüniň üçüsi doga boldy. Başynda, ortasynda we ahyrynda Ol doga etdi!
Şimşon, ölüminden gysga wagt öň, Hudaý tarapyndan berlen uly güýjüni soňky gezek duşmanlaryndan öç almak üçin ulandy. Hudaýyň Ogly bolsa, duşmanlarynyň bagyşlanmagy üçin doga edip, söýgüsiniň güýjüni görkezdi. Adamyň günäsi iň ýokary derejesine ýetende, Halasgäriň söýgüsi iň ýiti şöhle saçdy! Pawlus ýazýar: «Söýgi… gaharjaň däl… [ol] ähli zada çydaýar» (1 Korinfliler 13:4-7).
Halypa öz şägirtlerine: «Duşmanlaryňyzy söýüň we sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň» (Matta 5:44) diýipdi. Iň kyn ýagdaýlarda Ol öz wagyz eden zadyny ýerine ýetirdi—sebäbi Ol diňe hakykaty öwretmän, eýsem ony yzygiderli ýaşady (seret Resullaryň işleri 1:1). Ýahýa ýazýar: «Merhemet we hakykat Isa Mesih arkaly bardyr» (Ýahýa 1:17 JND).
Stefan, elbetde, Rebbiň mysalyny ýüregine aldy. Ýewreýleriň atan daşlarynyň aşagynda ýykylyp ölmezinden birnäçe sekunt öň, ol bu günäniň olara ýazylmazlygy üçin doga etdi (seret Resullaryň işleri 7:60). Emma onuň Halypasynyň dogasyndan tapawudy bardy—
Stefan ilki özü üçin doga etdi (seret Resullaryň işleri 7:59) we diňe soňra duşmanlary üçin. Reb Isa bilen bolsa tersine boldy. «Her bir zatda Ol ilkinji bolsun» (Koloseliler 1:18)!
Sizi kemsidýän ýa-da açykdan-açyk hüjüm edýän adamlar üçin doga edýärsiňizmi? Bu babatda Reb Isa has meňzeş bolmak üçin nähili tagalla edýärsiňiz we şeýlelik bilen başgalara görelde bolýarsyňyz? Süleýman ýazýar: «Meni yzyňdan çek; ylgaşalyň» (Süleýman aýdymlary 1:4). Sözler öwredýär—göreldeler ylham berýär!





