Isa Jelileadan Ýahudaýa barýarka, Samariýadan geçdi. Ol Sihar atly Samariýa şäherine gelip, Ýakuba degişli guýularyň biriniň ýanynda oturdy. Ol uzak ýoldan ýadapdy. Ol ebedi we beýik MEN bolsada, adam hökmünde ýadaw we halys bolmagyň näme aňladýandygyny öz tejribesi bilen öwrendi.
Şol wagt Onuň şägirtleri käbir azyk satyn almak üçin şähere gidipdiler. Birden bir Samariýaly aýal suw çekmek üçin guýynyň ýanyna gelýär. Isa ondan içmäge bir zat bermegini soraýar we onuň bilen gürleşip başlaýar. Ol ýadawlygyna garamazdan, onuň janynyň halas bolmagyny pikir edýär. Uly kiçigöwünlilik we ýumşaklyk bilen ol ahyrsoňy onuň ýüregini gazanýar. Geň netije şundan ybarat: uzak wagtlap zyna edip ýaşan bu aýal, Halasgär bilen şahsy tejribe eden zatlaryny başgalar bilen paýlaşýan bir wagyzça öwrülýär.
Rebbiň we Onuň şägirtleriniň arasyndaky gürrüňdeşlik gaty gyzykly:
Şägirtler Oňa: «Rabby, iý!» diýdiler. Emma Ol olara: «Meniň iýjek iýmitim bar, ony siz bilmeýärsiňiz» diýdi. Şonda şägirtler biri-birine: «Oňa iýmäge bir zat getiren barmyka?» diýdiler. Isa olara: «Meniň iýmitim, Meni ibereniň islegini ýerine ýetirmek we Onuň işini tamamlamakdyr» diýdi (Ýahýa 4:31-34). Onuň üçin bir janyň asman üçin gazanylmagy, öz ynsan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan has möhümdi. Atanyň islegini ýerine ýetirmek Onuň iýmitidi. Bu Onuň ýüregine hakyky kanagat berdi. Atanyň islegi, soňra aýdyşy ýaly, Oňa çekiljek ähli adamlary Oglunyň kabul etmegini aňladýardy:
Atanyň Maňa beren ähli zatlary Maňa geler, we Maňa geleni Men hiç haçan kowmaryn. Çünki Men asmandan öz islegimi ýerine ýetirmek üçin däl, eýsem Meni ibereniň islegini ýerine ýetirmek üçin indim (Ýahýa 6:37.38).
Şonuň üçin biz Mesihiň öz tebigy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga üns bermändigini, eýsem Atasynyň islegini ýerine ýetirmäge we ýiten günäkärleriň ruhy zerurlygyna jogap bermäge arzuw edendigini görýäris.
Esasan-da Markusyň Hoş Habarynda Mesihiň öz rahatlygyndan has köp başgalaryň zerurlyklaryny pikir edip, uly wepalylyk bilen gulluk edendigini görýäris. Biz özümize şu soragy berip bileris: Biz öz zerurlyklarymyza näçe üns berýäris we başgalaryň zerurlyklaryna näçe jogap bermäge synanyşýarys?
Almakdan bermek has bagtlydyr (Resullaryň Işleri 20:35).





