Isa näme üçin öldi?
"Çünki Hudaý dünýäni şeýle bir söýdi, Öz ýeke-täk Ogluny berdi, Ony ynanan her bir adam heläk bolman, ebedi ýaşaýşa eýe bolsun." — Ýahýa 3:16
Biz näme üçin ölýäris?
Sen we men ölýäris, sebäbi biz günäkär. Biz Hudaýyň dogry ölüm we höküm jezasynyň astyna düşdük (Rimliler 3:23, 6:23; Ýewreýler 9:27).
Ölüm Isanyň üstünde hiç hili hakka eýe däldi
Reb Isa Mesih gökden indi (Ýahýa 6:41). Ol Mukaddes Ruhdan göwrelendi we Märemeden, bir gyzdan doguldy (Matta 1:18,20,23). Ol biziňki ýaly günäkär tebigata eýe däldi we hiç haçan günä etmedi (1 Ýahýa 3:5; 1 Petrus 2:22). Şonuň üçin ölüm Onuň üstünde hiç hili hakka eýe däldi.
Ol erbet adamlaryň Özüni haça çüýlemegine meýletin rugsat berdi
Ol erbet adamlaryň Özüni Golgotada haça çüýlemegine meýletin rugsat berdi (Ýahýa 6:38; 10:17-18).
Eger Ol haçdan inmek islesedi, hiç zat Oňa päsgel berip bilmezdi – ne çüýler, ne-de Rim imperiýasynyň güýji. Seniň gymmatly, ölümsiz janyň üçin söýgi Reb Isa Mesihi gökden indirdi, Ony şol masgaraçylykly haça alyp gitdi we Ol halas ediş işini tamamlaýança Ol ýerde saklady (Ýahýa 19:30).
Başga ýol ýokdy
Ähli güýçli Hudaýyň seni günäleriňiň adalatly jezasynan halas etmek üçin başga ýol we başga adam ýokdy (Resullar 4:12; 1 Ýahýa 4:9-10).
Hudaýyň makullamasy
Hudaý Mesihiň haçdaky beýik işini makullady we Ony ölülerden direldip, gökde Öz sag eline oturdyp görkezdi (Resullar 5:30). Ol häzir şol ýerde – diri, söýýän Adam, günälerimiz üçin öleninde alan yzlary entek Onuň ellerinde we aýaklarynda bar (Ýahýa 20:27).
Sen muny okaýarkaň, Ol gökden saňa seredýär we Ol seniň ýüregiňdäki pikirleri we niýetleri bilýär. Ol seniň günäleriň we Özü barada näme pikir edýändigiňi bilýär. Ol seniň Halasgäriň bolmak isleýär.
Isa näme üçin öldi?
Ol seniň günäleriň üçin öldi! Sen özüňiň köp günäleriňiň Onuň ölümine sebäp bolandygyny bilmeli. We diňe bir günä seni Hudaýyň kämil jennetinden ebedi mahrum etmek üçin ýeterlikdir. Emma sen Hudaýyň bagyşlamasyny diňe günäleriňi Oňa boýun alyp we Ony özüňiň ornuny tutujy hökmünde ynanmak bilen alyp bilersiň (Rimliler 10:9).
Sen maňa nätanyş bolsaň-da, Hudaýa nätanyş däl; Ol seniň barada ähli zady bilýär. Reb Isa Mesih seni günäleriňiň jezasynan we güýjünden şahsy halas etdimi? Sen muňa Ynjyla esaslanyp ynanýaňmy? Eger sen Ony häzir Halasgär hökmünde ret etseň, ahyrsoňy Onuň öňünde özüňiň Kazyň hökmünde durarsyň, ýöne onda ebedi gijik bolar! (Ýahýa 5:22; Ylham 20:11-15).
Sen näme etjek?
"Oňa ynanan höküm edilmez; ýöne ynanmaýan eýýäm höküm edildi, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Oglunyň adyna ynanmady." (Ýahýa 3:18) "We siz bilýärsiňiz, Ol biziň günälerimizi aýyrmak üçin ýüze çykdy, we Onda günä ýokdur" (1 Ýahýa 3:5). "Eger biz şeýle beýik halas edişi äsgermezlik etsek, nädip gaçyp bileris?" (Ýewreýler 2:3)


