“Ruhanylar... Iordana aýak basan badyna, onuň suwlary... kesiler.” (Ýoşua 3:13) Ysraýyllylar Iordan açylýança düşelgede garaşmaly däldiler, eýsem «iman bilen ýöremelidiler» (2 Korinfliler 5:7). Olar düşelgäni taşlap, zatlaryny ýygnap, hatara düzülip, derýa aýak basmalydylar, şondan soň ol açylardy.
Eger olar derýanyň kenaryna gelip, suwuň bölünmegine garaşyp duran bolsalar, biderek garaşan bolardylar. Olara «onuň suwlary... kesilmezden» öň «Iordana aýak basmak» tabşyryldy.
Biz Hudaýyň sözüne ynanmagy we öňe gitmäge ýol görünmese-de, gulak asyp gönümel ýöremegi öwrenmelidiris. Biziň kynçylyklar sebäpli köplenç ýoldan çykýanlygymyzyň sebäbi, biz olardan geçmäge synanyşmazdan ozal päsgelçilikleriň aýrylmagyna garaşýarys.
Eger biz iman bilen gönümel öňe gitsek, ýol bize açylar. Emma biz päsgelçilikleriň ýok ýaly bolup, öňe gitmeli wagtyňyzda, päsgelçiligiň aýrylmagyna garaşyp durýarys.
Öňe gidýän iman ýeňiş gazanýar.






