Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
Hagaý 2:9
Gündelik Ýagtylyk

Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
Hagaý 2:9
Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi.
1 Ýyl ýazgylary 22:5
Rebbiň şöhratynyň öýi doldurandygy sebäpli ruhanylar Rebbiň öýüne girip bilmediler.
2 Ýyl ýazgylary 7:2
Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi.
Ýohanna 2:19
Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.
Ýohanna 2:21
Çünki hemme zatdan beýik bolan şöhrat orta çykandan soň, ozalky şöhrat hiç bolup galdy.
2 Korintoslylar 3:10
Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.
Ýohanna 1:14
Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.
Ýewreýler 1:1–2
«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.
Luka 2:14
Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
Işaýa 9:6
Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady.
Efesliler 2:14
Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.
Filipililer 4:7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 iýun 2024
Matta 25:13
2 iýun 2024
Müsürden çykyş 12:11
1 iýun 2024
Galatýalylar 5:22
31 maý 2024
Gelip çykyş 32:28
30 maý 2024
Ýewreýler 4:11
29 maý 2024
Lewiler 17:11
28 maý 2024
Filipililer 3:20

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Maşgala
Maşgala gapma-garşylyklaryny çözmek üçin Mukaddes Kitap usullaryny öwreniň, hormat goýmagy, baha bermegi we…
Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Iman
Yusubyň doganlaryna beren görkezmeleri Ysraýylyň Mesihdäki geljekki imanlaryny öňünden görkezýär. Hudaýa…
Howa
El Niňo Isanyň gelmegine dürli jogaplar ýaly, dürli global täsirleri getirýär. Mesih çaga öz reaksiýaňyzy göz…

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…

Maşgala
Maşgala gapma-garşylyklaryny çözmek üçin Mukaddes Kitap usullaryny öwreniň, hormat goýmagy, baha bermegi we…

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…