Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».
Luka 17:10
Gündelik Ýagtylyk

Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».
Luka 17:10
Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.
Rimliler 3:27
Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!
1 Korintoslylar 4:7
Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi. Hiç kim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin. Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.
Efesliler 2:8–10
Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.
1 Korintoslylar 15:10
Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!
Rimliler 11:36
Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.
1 Ýyl ýazgylary 29:14
Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.
Zebur 143:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
4 iýun 2024
Hagaý 2:9
3 iýun 2024
Matta 25:13
2 iýun 2024
Müsürden çykyş 12:11
1 iýun 2024
Galatýalylar 5:22
31 maý 2024
Gelip çykyş 32:28
30 maý 2024
Ýewreýler 4:11
29 maý 2024
Lewiler 17:11
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Günä Tebigaty
11-nji sentýabr wakalary ynsan ýüreginiň çuňňur bozuklygyny, ähliumumy öz-özüňe gönükdirilenligi görkezdi…
Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…
Hudaýyň Sypatlary
Hudaýyň ýaradylyşynyň, merhemetiniň we söýgüsiniň çäksiz tebigatyny öwreniň. Onuň gözlegsiz akyldarlygy we…

Günä Tebigaty
11-nji sentýabr wakalary ynsan ýüreginiň çuňňur bozuklygyny, ähliumumy öz-özüňe gönükdirilenligi görkezdi…

Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…
Dogrulyk
Zebur 1-nji baby öwreniň, dogrylar bilen hudaýsyzlary deňeşdiriň we Isa Mesihi kämil Dogry Adam hökmünde açyň.
Mukaddes Ýazgylar
Mukaddes Kitaby, Hudaýyň Sözüni öwreniň, ol Onuň aňyny, ynsanýetiň ýagdaýyny we halas bolmagyň ýoluny açýar.