Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».
Sepanýa 3:17
Gündelik Ýagtylyk

Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».
Sepanýa 3:17
Rebbiň sizi ýürekden söýmeginiň we saýlamagynyň sebäbi, bu siziň beýleki halklardan san taýdan köp bolmagyňyz däldir, siz ähli halklaryň arasynda san taýdan iň azysyňyz. Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.
Kanun taglymaty 7:7–8
Biz Hudaýy söýýäris, sebäbi ilki Ol bizi söýdi.
1 Ýohanna 4:19
Siz birwagtlar eden pis işleriňiz sebäpli pikiriňizde Hudaýdan üzňediňiz, Oňa duşmandyňyz. Indi bolsa Hudaý sizi Öz huzurynda mukaddes, müýnsüz hem aýypsyz etmek üçin, Mesihiň bedeniniň ölümi arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy.
Kolosiýalylar 1:21–22
Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.
1 Ýohanna 4:10
Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi.
Rimliler 5:8
Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.
Matta 3:17
Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär.
Ýohanna 10:17
Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi. Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 1:2–3
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 iýun 2024
Luka 17:10
4 iýun 2024
Hagaý 2:9
3 iýun 2024
Matta 25:13
2 iýun 2024
Müsürden çykyş 12:11
1 iýun 2024
Galatýalylar 5:22
31 maý 2024
Gelip çykyş 32:28
30 maý 2024
Ýewreýler 4:11

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Dogrulyk
Zebur 1-nji baby öwreniň, dogrylar bilen hudaýsyzlary deňeşdiriň we Isa Mesihi kämil Dogry Adam hökmünde açyň.
Howa
El Niňo Isanyň gelmegine dürli jogaplar ýaly, dürli global täsirleri getirýär. Mesih çaga öz reaksiýaňyzy göz…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…

Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…