Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz.
Ýohanna 15:4
Gündelik Ýagtylyk

Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz.
Ýohanna 15:4
indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.
Galatýalylar 2:20
Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.
Rimliler 7:18
Wah, men bagtygarany diýsene! Ölüme eltýän bu bedenimden meni kim halas eder? Hudaýa şükür! Ol bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas etdi! Şunlukda, aňym bilen Hudaýyň Kanunyna gulluk etsem-de, ynsan tebigatyma görä günä kanunynyň guludyryn.
Rimliler 7:24–25
Eger Isa Mesih kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, onda günä zerarly ölmeli bolsaňyz-da, Mukaddes Ruh size ýaşaýyş berer, sebäbi siz Hudaýyň huzurynda aklanansyňyz.
Rimliler 8:10
Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.
Kolosiýalylar 1:23
Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.
1 Ýohanna 2:28
«Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.
1 Ýohanna 2:6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
12 iýun 2024
Çölde 31:23
11 iýun 2024
Luka 15:20
10 iýun 2024
Luka 15:13
9 iýun 2024
Ýohanna 7:46
8 iýun 2024
Gelip çykyş 39:3
7 iýun 2024
Luka 18:1
6 iýun 2024
Sepanýa 3:17

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ruhy Ösüş
Beýsbol meňzetmesiniň durmuş kynçylyklaryna garşy duranda özümize däl-de, Rebbe bolan ynamyň ähmiýetini nädip…
Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Günä
Dawudyň kejirligi ony rugsat berilmedik ilat ýazuwyny geçirmäge, Hudaýyň sözüni we akylly maslahaty…

Ruhy Ösüş
Beýsbol meňzetmesiniň durmuş kynçylyklaryna garşy duranda özümize däl-de, Rebbe bolan ynamyň ähmiýetini nädip…

Nika
Hudaýa ýakymly hristian nikasyna taýýarlanyň, söýgüli we nika öňi maslahatlary baradaky Mukaddes Kitap…
Halasgärlik
Hiç kim özbaşdak jennet üçin ýeterlik derejede gowy däl. Isa Mesihiň gurbanynyň bizi günäden nädip…