Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:
Luka 18:1
Gündelik Ýagtylyk

Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:
Luka 18:1
Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene. Uzak ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz. Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip jogap berýär. Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer.
Luka 11:5–8
Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.
Efesliler 6:18
Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi.
Gelip çykyş 32:26
Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.
Gelip çykyş 32:28
Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.
Kolosiýalylar 4:2
Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi.
Luka 6:12
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
6 iýun 2024
Sepanýa 3:17
5 iýun 2024
Luka 17:10
4 iýun 2024
Hagaý 2:9
3 iýun 2024
Matta 25:13
2 iýun 2024
Müsürden çykyş 12:11
1 iýun 2024
Galatýalylar 5:22
31 maý 2024
Gelip çykyş 32:28

Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…
Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…
Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Dogalar
Hudaýa garaşlylygyň we ynamyň beýany hökmünde hakyky Hristian dogasynyň manysyny öwreniň.
Dünýä dinleri
Karma we Hudaýyň merhemeti (krupa) Isa Mesih arkaly öwreniň. Mesihiň karmanyň zynjyrlaryny nädip döwüp…
Batyrlyk
Isa Mesihiň "Gaýratly boluň" sözleriniň bagyşlanmak, sagalmak, tupanlary ýeňmek we gulluk üçin nädip güýç…

Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…

Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…