Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.
Gelip çykyş 39:3
Gündelik Ýagtylyk

Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.
Gelip çykyş 39:3
«Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. – Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.
Zebur 128:1–2
Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden. Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok, günäm zerarly bedenimde saglyk ýok.
Zebur 37:3–4
Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»
Ýeşuwa 1:9
Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
Matta 6:33
Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýa tabyn boldy. Rebbe tabyn bolan döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.
2 Ýyl ýazgylary 26:5
Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň.
Kanun taglymaty 8:11
Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň.
Kanun taglymaty 8:17
«Hudaýyňyz Reb siziň bilen dälmi? Ähli tarapdan size rahatlyk beren Şol dälmi? Ol bu ýurduň ähli ilatyny meniň elime berdi we ýurt Rebbe hem-de Onuň halkyna boýun egdi.
1 Ýyl ýazgylary 22:18
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 iýun 2024
Luka 18:1
6 iýun 2024
Sepanýa 3:17
5 iýun 2024
Luka 17:10
4 iýun 2024
Hagaý 2:9
3 iýun 2024
Matta 25:13
2 iýun 2024
Müsürden çykyş 12:11
1 iýun 2024
Galatýalylar 5:22
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Maşgala
Çözülmedik gapma-garşylyklar maşgala bozulmalaryna getirýär. Inkär etmegiň, ýigrenjiň we gorkynyň nädip…
Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Alada
Hudaýyň alada we gorky ýeňmek üçin ýedi ädimli dikeldiş meýilnamasyny açyň. Her bir ýagdaýda parahatçylyk…
Iman
Yusubyň doganlaryna beren görkezmeleri Ysraýylyň Mesihdäki geljekki imanlaryny öňünden görkezýär. Hudaýa…

Maşgala
Çözülmedik gapma-garşylyklar maşgala bozulmalaryna getirýär. Inkär etmegiň, ýigrenjiň we gorkynyň nädip…

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Iman
Mesih imanlynyň hemişelik çeşmesi we güýjüdir, olara ähli kynçylyklary ýeňmäge mümkinçilik berýär.

Alada
Hudaýyň alada we gorky ýeňmek üçin ýedi ädimli dikeldiş meýilnamasyny açyň. Her bir ýagdaýda parahatçylyk…