Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»
Aýanlyk 6:17
Gündelik Ýagtylyk

Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»
Aýanlyk 6:17
Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.
Malaky 3:2
Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.
Aýanlyk 7:9
Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler. Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar. Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz. Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».
Aýanlyk 7:14–17
Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.
Rimliler 8:1
Isa Mesih bizi azat etmek üçin boşatdy. Şonuň üçin-de berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.
Galatýalylar 5:1
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 iýun 2024
1 Ýyl ýazgylary 4:10
25 iýun 2024
1 Ýohanna 3:2
24 iýun 2024
Çölde 10:33
23 iýun 2024
Ýohanna 14:16–17
22 iýun 2024
Kolosiýalylar 3:3
21 iýun 2024
1 Petrus 2:21
20 iýun 2024
Müsürden çykyş 2:9

Hudaýyň Kuwwaty
Hudaýyň adaty däl söweş usullaryny we Onuň güýjüniň, hatda garaşylmadyk ýaraglar bilen hem, ýeňşi nädip…
Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…
Hudaýyň rehimi
Hudaýyň ähli milletler üçin haýran galdyryjy rehimdarlygyny, hatda pygamberi boýun egmedik mahalynda-da…
Günä Tebigaty
11-nji sentýabr wakalary ynsan ýüreginiň çuňňur bozuklygyny, ähliumumy öz-özüňe gönükdirilenligi görkezdi…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Aklanmak
Isa Mesih arkaly iman bilen aklanmagy, günäleriň bagyşlanmagyny we Hudaý bilen parahatlygy nädip…