Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.
Eýýup 19:25
Gündelik Ýagtylyk

Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.
Eýýup 19:25
Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.
Rimliler 5:10
Emma Isanyň baky ýaşaýandygy üçin, Onuň ruhanylygy soňsuzdyr. Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.
Ýewreýler 7:24–25
Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.
Ýohanna 14:19
Eger biz diňe bu durmuşda Isa Mesihe umyt baglaýan bolsak, ähli ynsanlaryň iň betbagtydyrys. Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär.
1 Korintoslylar 15:19–20
«Siona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler». Muny Reb aýdýandyr.
Işaýa 59:20
Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.
Efesliler 1:7
Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz. Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.
1 Petrus 1:18–19
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
27 iýun 2024
Aýanlyk 6:17
26 iýun 2024
1 Ýyl ýazgylary 4:10
25 iýun 2024
1 Ýohanna 3:2
24 iýun 2024
Çölde 10:33
23 iýun 2024
Ýohanna 14:16–17
22 iýun 2024
Kolosiýalylar 3:3
21 iýun 2024
1 Petrus 2:21

Mezhepler
Mezhepleriň üç kesgitleýji häsiýetini öwreniň: olaryň ygtyýarlyk çeşmesi, taglymat ösüşi we ýalan…
Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Ýalan Tilsimler
Buthananyň içinde bidgynlyklary we bidgynçylary nädip kesgitlemegi öwreniň. Ýalan mugallymlaryň Mukaddes…

Mezhepler
Mezhepleriň üç kesgitleýji häsiýetini öwreniň: olaryň ygtyýarlyk çeşmesi, taglymat ösüşi we ýalan…

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Iman
Kynçylyklaryň Golaýat ýaly sizi basyp almagyna ýol bermäň. Aladalaryňyzy Hudaýa tabşyrmagy, şeýtana garşy…
Nika
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.