Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir.
Matta 10:24
Gündelik Ýagtylyk

Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir.
Matta 10:24
Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.
Ýohanna 13:13
Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!
Matta 10:25
Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.
Ýohanna 15:20
Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi. Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.
Ýohanna 17:14
Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady. Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz.
Ýewreýler 12:3–4
Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň. Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 12:1–2
Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.
1 Petrus 4:1
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
9 iýul 2024
Zakarýa 3:4
8 iýul 2024
1 Ýohanna 1:9
7 iýul 2024
Matta 4:1
6 iýul 2024
Kolosiýalylar 4:6
5 iýul 2024
1 Ýohanna 4:16
4 iýul 2024
Ýohanna 13:23
3 iýul 2024
Rimliler 8:17

Wagyz etmek
Mesih üçin ilçi bolmagyň näme aňladýandygyny öwreniň. Gökdäki derejäňiz, wezipäňiz we bu dünýäde Hudaýa…
Hudaýyň hökümdarlygy
Hudaý ýüregimizde birinji orunda bolmagy talap edýär, bäsdeşlere ýol bermeýär. Adam bilen Ybraýymyň…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…
Gündelik doga
Häzirki zaman durmuşy Hudaý bilen wagt geçirmäge päsgel berýän ünsi sowýan zatlara doly. Mukaddes Ýazgylara…
Isa Mesih
Matta Hoş Habary Köne Äht pygamberligini Isa Mesihi Ysraýylyň wada edilen Patyşasy hökmünde görkezýän täze…
Şägirtlik
Bu makala, Hudaýyň "hakyky ynsan" bolmak baradaky düşünjesini, öz nesline kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmäge…