Isa Mesihiň hakyky esgeri bolup, biziň iman ugrunda görýän görgülerimize şärik bol.
2 Timoteos 2:3
Gündelik Ýagtylyk

Isa Mesihiň hakyky esgeri bolup, biziň iman ugrunda görýän görgülerimize şärik bol.
2 Timoteos 2:3
Ine, Men ony halklara şaýat, baştutan hem baş serkerde etdim.
Işaýa 55:4
Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi.
Ýewreýler 2:10
Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.
Resul 14:22
Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris. Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz.
Efesliler 6:12–13
Biz bu dünýäde ýaşasak-da, onuň ýörelgeleri boýunça söweşmeýäris. Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.
2 Korintoslylar 10:3–4
Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.
1 Petrus 5:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
30 iýul 2024
Kolosiýalylar 3:1
29 iýul 2024
Işaýa 64:1
28 iýul 2024
Efesliler 5:2
27 iýul 2024
2 Korintoslylar 4:4
26 iýul 2024
Ýewreýler 11:8
25 iýul 2024
1 Ýohanna 3:14
24 iýul 2024
Rimliler 12:12

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Tabynlyk
Dawudyň wepalylygyny, Hudaýyň buýruklaryny we Onuň sözüni saklamagyň arasyndaky tapawudy we Dawudyň howlukmaç…
Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…
Gulluk
Dawudyň gullugyny, Hudaýyň hökümdar meýilnamasyny we mynasyp dälleri galdyrýan ägirt uly merhemeti öwreniň…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ruhy Ösüş
Hristian durmuşynyň ýaryşa nähili meňzeýändigini, düzgün-tertibi we çydamlylygy talap edýändigini öwreniň…
Dogrulyk
Zebur 1-nji baby öwreniň, dogrylar bilen hudaýsyzlary deňeşdiriň we Isa Mesihi kämil Dogry Adam hökmünde açyň.

Tabynlyk
Dawudyň wepalylygyny, Hudaýyň buýruklaryny we Onuň sözüni saklamagyň arasyndaky tapawudy we Dawudyň howlukmaç…

Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…