Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.
Ýewreýler 11:8
Gündelik Ýagtylyk

Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.
Ýewreýler 11:8
Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.
Zebur 47:4
Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, gözüniň göreji deý gorap saklady. Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, ganaty bilen olary daşady. Oňa ýol görkezen ýeke-täk Reb boldy, onuň bilen bolmady keseki hudaý.
Kanun taglymaty 32:10–12
Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.
Işaýa 48:17
Hudaýyň gudraty beýikdir, Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?
Eýýup 36:22
Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys.
2 Korintoslylar 5:7
çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.
Ýewreýler 13:14
Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.
1 Petrus 2:11
Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.
Mika 2:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
25 iýul 2024
1 Ýohanna 3:14
24 iýul 2024
Rimliler 12:12
23 iýul 2024
1 Korintoslylar 15:24
22 iýul 2024
Rimliler 6:10
21 iýul 2024
Rimliler 3:1–2
20 iýul 2024
Ýohanna 17:16
19 iýul 2024
Luka 1:49
Günä geçmek
Hristianlar durmuşyň wagtlaýyn taraplaryny geçmiş üçin bagyşlamak, häzirki döwür üçin höwes we geljek üçin…

Mesihdäki şahsyýet
Hoş Habaryň siziň şahsyýetiňizi nähili kesgitleýändigini öwreniň, Gyzyl deňiz we Iordan derýasyndan…
Ruhy Ösüş
Kyn dag dyrmaşmasynyň Hristian ýörişini nädip suratlandyrýandygyny öwreniň. Hudaý bilen iman syýahatyňyzda…
Aýallar Gullukda
Mesihçi aýallar dünýäniň maslahatyna däl-de, Hudaýyň niýetine we maksadyna laýyk ýaşamaga çagyrylýar.
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Günä
Dawudyň kejirligi ony rugsat berilmedik ilat ýazuwyny geçirmäge, Hudaýyň sözüni we akylly maslahaty…